Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistan bilen Ýaponiýa göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagyny ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen artistleri TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy mynasybetli dabarad çykyş etdiler we b

10:1619.12.2023
0
19318

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerinde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýerine ýetirilende agrotehnikanyň kadalaryna eýermegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli azyk harytlary bilen bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmegi, aýlyk zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenilmegi babatda welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklar berildi.

2. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Awiasiýa müdirlikleriniň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi we onuň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen ykdysady wekiliýetiniň Ýaponiýa dört günlük iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

3. ÝUNESKO-nyň Pariž şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly konsertde türkmen medeniýeti görkezildi. Konsert 7 ýurtdan 70-e golaý sungat işgärini bir sahnada jemledi. Bu çärä 1,5 müňden gowrak adam tomaşa etdi. Türkmen sungat ussatlary «Küştdepdi» halk tansyny ýerine ýetirdiler, bu tansyň kökleri gadymy döwürlere çenli uzap, Türkmenistanyň häzirki zaman sungatynda gadymy däpleriň dowam etdirilýändiginiň ajaýyp şöhlelenmesine öwrüldi.

4. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýa Federasiýasyndaky baş wekilligi ýolagçylaryň Moskwa — Aşgabat — Bangkok we Kazan — Aşgabat — Bangkok gatnawlaryny utgaşdyrmak bilen baglanyşykly ýygy-ýygydan berýän sowallaryna jogap berdi. Habar berlişi ýaly, ýolagçynyň goşlary soňky barmaly nokadyna ýetmänkä bellige alynýar. Aşgabat — Bangkok gatnawyna münüş talonyny almak üçin ýolagçy Aşgabadyň howa menzilindäki transfer nokadyna barmaly bolar. Ýene-de bir möhüm bellik – Bangkok şäherine uçmak üçin ýolagçylaryň PSR synagyndan geçmegi talap edilmeýär.

5. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty 2024-nji ýylyň fewralynda matematika modelirleme boýunça talyplar olimpiadasyny gurar. Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan olimpiada 12-nji fewralda geçiriler. Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ähli isleg bildirýän talyplary, okuw ugruna garamazdan, oňa gatnaşmaga çagyrylýar.

Dünýäde

6. «OGM Pictures» prodýuserlik kompaniýasy «Ýaly çapkyny» atly meşhur türk serialynyň üçünji möwsüme uzaldyljakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Taslamanyň dowamy baradaky maglumatlar awgust aýynda peýda boldy, ýöne indi ol resmi taýdan tassyklandy. Serialyň muşdaklary prodýuserleriň kararyny ssenarist Mehmet Baryş Güngeriň tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan taslama gaýdyp gelmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Bellenilmegine görä, ssenarist eýýäm ikinji möwsümiň indiki bölümlerine üýtgeşmeler girizip başlady.

7. Russiýaly tansçy we şoumen Dmitriý Krasilow 29 ýaşynda Moskwada aradan çykdy. Bir gün öň artist özüni erbet duýup, işinden gaýtdy. Soňra bolsa aragatnaşyga çykmagyny bes etdi. Dmitriý Krasilow 40-dan gowrak filmde surata düşdi. Aktýor «Tanslar» şounyň dördünji möwsümine gatnaşmagy netijesinde giň meşhurlyga eýe boldy.

Sport habarlary

8. Futzal boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym final oýunlaryna gatnaşyjylaryň hemmesi belli boldy. Toparçalaýyn tapgyryň 3 aýlawynyň netijeleri boýunça kubok ugrundaky göreş «Köpetdag» – «Gümrukçi» we «Gara altyn» – «Deňizçi» toparlarynyň arasynda dowam eder. Bu tapgyryň oýunlary 19-njy dekabrda meýilleşdirilýär. Aýgytly duşuşyk 20-nji dekabrda geçiriler. Ýeri gelende bellesek, ýaryşyň oýunlary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilýär. Duşuşyklara islendik adam gatnaşyp biler.

9. «Ahalyň» futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň yza süýşürilen oýnunda «Merwden» üstün çykdylar. Maryda geçirilen duşuşyk Serdar Geldiýewiň toparynyň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. 37-nji minutda on bir metrlik jerime urgusyndan pökgini derwezä iberen Şöhrat Söýünowyň tagallasy bilen, «Ahal» öňe saýlandy. Bu oýundaky ýeke-täk gol boldy. Ýokary liganyň geçen ýylky çempiony 22 oýunda 35 utuk toplady we bürünç medallar ugrundaky göreşini güýçlendirdi. Indi Änew şäheriniň topary üçünji orny eýeleýän «Nebitçiden» iki utuk yzda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň