Soňky habarlar

Arhiw

TDH: Türkmenistan Owganystan bilen taslamalary durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny görkezýär

09:4819.12.2023
0
17880

Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugy (TDH) Owganystan bilen bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişini teswirledi. Onda, hususan-da, türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna amala aşyran soňky saparyny ýatlanylýar.

Hyrat welaýatynda TOP (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan) ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we TOPH (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan) gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygynyň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme bu taslamalaryň Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen konstruktiw daşary syýasatyny görkezýändigini öňe sürýär. TOPH gaz geçirijisiniň häzirki zaman energiýa howpsuzlygy arhitekturasynyň emele gelmegi üçin ähmiýeti aýratyn nygtalýar.

Mundan başga-da, teswirde Türkmenistanyň Owganystanyň ulag infrastrukturasynyň giňelmegine goldaw bermäge taýýardygy bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň