Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylyň görnükli alymlary belli edildi

13:1418.12.2023
0
19443

Hünärmenler tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda has tapawutlanan alymlaryň sanawyny düzdüler. Sanawy «Nature» neşiri çap etdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Sanawa Braziliýanyň daşky gurşawy goramak ministri Marina Silwa tokaýlaryň çapylmagyny agyzdyryklamagy başarandygy üçin, şeýle hem «Çandraýan-3» gämisinde Aýa gonmak taslamasynyň ýolbaşçylarynyň biri Kalpana Kalahasti, ýadro tehnologiýalarynda öňegidişlik gazanan fizik Enni Kutçer girizildi.

Mundan ötri Kasuhiko Haýasi syçanlaryň öýjüklerinden ýaşaýşa ukyply jyns öýjüklerini döredendigi (bu usul ýitip ýok bolup barýan görnüşleri halas etmek üçin ulanylyp bilner), ählumumy maýlama garşy göreş üçin Eleni Miriwili sanawa girizildi.

Emeli aňly çat-boty dörediji Ilýa Suskewer, otag howasynda aşageçirijilik baradaky haýran galdyryjy açyşy ýalana çykaran Jeýms Hemlin, horlanmak üçin dermanlary döreden Swetlana Moýsow, gyzzyrma garşy sanjym döreden Halidu Tinto we düwnügi öwreniji Tomas Paulz sanawda orun aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň