«Türkmenistan» awiakompaniýasy şäherleriň arasynda howa gatnawy täzeden başlandan soň Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Muny Moskwanyň Domodedowo halkara howa menziliniň onlaýn tablosyndaky maglumatlar hem görkezýär.
Türkmen howa gatnawçysynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden sagat 07:24-de uçup, 09:20-de (Moskwa wagty) Moskwa gondy. Uçuş dowamlylygy 3 sagat 56 minut.
Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustynda Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlaryndaky gatnawlary togtatdypdy.
Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ekenom synpyň petekleriniň bahasy häzirki wagtda 3 708,30 TMT, biznes synpynyň petekleri bolsa 9 910,30 TMT. Daşary ýurt raýatlary üçin ekenom synpynyň petekleri 389,50 ABŞ dollary, biznes synpy bolsa 759,50 ABŞ dollary.
Moskwa — Aşgabat ugry boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin ekenom synpyň petekleriniň bahasy 33 787 rus rubluna, biznes synpy 67 865 rus rubluna, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda bolsa 3 629 TMT deňdir. Daşary ýurt raýatlary üçin ekenom synpynyň petekleri 366,80 ABŞ dollaryna, biznes synpynyň petekleri bolsa 768,80 ABŞ dollaryna deňdir.