«Turkmenportal-yň» hepdelik işewürlik-daýjestiniň nobatdaky sanynda türkmen gazyny Türkiýä ibermegiň mümkinçilikleri boýunça ara alyp maslahatlaşmalardan başlap, ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamalarynyň ep-esli ýokarlanýandygyna çenli Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri bilen tanşyp bilersiňiz.
Esasy wakalar hakynda gysgaça:
- Türkmenistan tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy, şeýle hem Hazar sebitinde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky garaýyşlaryny beýan etdi;
- Ýurduň ykdysadyýeti ösüş görkezýär: JIÖ artýar, önümçilik we söwda dolanyşygy ösýär;
- Türkmenistan Türkiýe, ABŞ hem-de Awstriýa bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär;
- Ýurtda ýük daşamalary we howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnawy ösýär, ulag infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar.
Ýangyç-energetika toplumy
Türkmenistan we Türkiýe türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen türk bazarlaryna ibermegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisinde taraplar bu taslamanyň geljeginiň uludygyny belläp, ýakyn wagtda ugurdaş edaralaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmäge girişmegi ylalaşdylar.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwada geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda Hazar deňzindäki energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm we düýpli meseledigini belledi. Ol çykyşynda Türkmenistanyň Hazarda suwasty infrastrukturanyň gurluşygynyň kenarýaka döwletleriň bäşisiniň hem ykdysady zerurlyklaryny kanagatlandyrýandygy hakyndaky hakykdatdan ugur alýandygyny nygtady.
Maliýe
2023-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda Türkmenistanda Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3%-e deň boldy.
Işewürlik çäreleri
Aşgabatda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa « «VISA», «Palo Alto Networks», «Honeywell», «John Deere» we beýleki meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen telekeçileri bilen Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini we möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ulag we ýük daşamalary
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurduň serhetýaka gümrük nokatlarynda harytlaryň gümrük taýdan resmileşdiriliş düzgünlerini özünde jemleýän maglumatlar bilen elektron görnüşinde giňden tanyşmaga mümkinçilik berýän infokiosklary ýerleşdirdi. Olar interaktiw maglumat terminallary görnüşinde bolup, olarda gümrük paçlarynyň, ýygymlarynyň we beýleki gümrük amallary baradaky maglumatlar türkmen, rus, iňlis we türk dillerinde elýeterlidir.
«Türkmenhowaýollary» agentligi 2023-nji ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda ýolagçy gatnawlaryny we ýük daşamalaryny, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki essä golaý artdyrdy. Ösüş depgini 99%-e deň boldy. Howa gatnawlary bilen bir hatarda, beýleki pudaklarda hem oňyn ösüş depgini gazanyldy: ýükleri daşamagyň ösüş depgini 3,9%-e, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 5,1%-e deň boldy, demir ýol hyzmatlarynyň ösüş depgini 6,5%, awtoulag hyzmatlarynyňky 17%, deňiz we derýa ulaglarynyň hyzmatlary bolsa 5,2% artdy.