24 ýaşly türkmenistanly küştçi Saparmyrat Atabaýew Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Rokirowka-2023 Masters» küşt festiwalynda ýeňiş gazanyp, grossmeýster derejesine bildirilýän ähli talaplary ýerine ýetirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektrоn neşiri habar berdi.
9 tapgyrda şweýsar sistemasy boýunça geçirilen ýaryşa 6 ýurtdan 62 küştçi – halkara grossmeýsterleriň üçüsi, halkara ussatlaryň bäşisi we FIDE-niň ussatlarynyň hem bäşisi gatnaşdy.
Altynjy tapgyrda esasy bäsdeşi amerikaly halkara grossmeýster Timur Gareýewden (FIDE reýtingi 2570) üstün çykandan soň, Saparmyrat Atabaýew mümkin bolan alty utukdan 6 utuk gazanyp ýeke-täk lider boldy. Soňky üç oýunda ýene 1,5 utuk toplady we netijede ýaryşy 7,5 utuk bilen tamamlady. T.Gareýew bilen utugy deň bolsa-da, şahsy duşuşykda ýeňiş gazananlygy üçin S.Atabaýew birinji orny eýeledi. Täjigistanly halkara ussady Muhammet Husenhojaýew 7 utuk bilen bürünç medal gazandy.
Ýaryşdan öň Elo/FIDE görkezijisinde 2497-ä eýe bolan Saparmyrat Hindistanda geçirilen Aziýa çempionatynda we Eýranda hem-de Hytaýda geçirilen halkara ýaryşlarynda ýylyň dowamynda gazanan grossmeýsterlik üç bal gazanyp, 9 tapgyrda görkezijide ýene 7 punkt toplap, halkara grossmeýsteri derejesini almak üçin zerur 2500 baldan ýokary netijä ýetdi. Halkara Küşt federasiýasynyň geňeşiniň (FIDE) indiki mejlisinde bu çözgüt resmileşdiriler.