Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kabul we Aşgabat owgan sarp edijilerini türkmen elektrik togy bilen üpjün etmek baradaky şertnamany uzaldar

19:0509.12.2023
0
27940
Kabul we Aşgabat owgan sarp edijilerini türkmen elektrik togy bilen üpjün etmek baradaky şertnamany uzaldar
Surat: newscentralasia.net

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan —Owganystan — Pakistan halkara elektrik energiýasy taslamalary bölüminiň müdiri Myrat Artykow Kabulda Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Abdul Latif Mansur türkmen wekiliýetine Owganystandaky elektrik üpjünçiligi we elektrik taslamalary babatynda yzygiderli hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi we türkmen tarapy bilen bu hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem-de dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Bu barada Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Ministr «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik geçiriji taslamasyna ünsi çekip, Owganystanyň bu taslamany durmuşa geçirmäge doly taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem taslama degişli meseleleri beýleki taraplar bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Abdul Latif Mansuryň aýtmagyna görä, maýa goýujylaryň aglabasy Türkmenistan — Şeberghan — Daşt Haja Alwan — Argandi (Kabul) 500 kW elektrik geçiriji şahasyny gurmak taslamasyny maliýeleşdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Myrat Artykow hem öz gezeginde türkmen tarapynyň TAP halkara energiýa taslamasyny we Owganystandaky elektrik üpjünçiligi taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň Kabula saparynyň maksady türkmen elektrik toguny Owganystana ibemek boýunça şertnamanyň uzaldylmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmekden ybarat.

Mundan başga-da, Türkmenistan Energetika ministrliginiň resmi wekili Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Hyrat we Farah welaýatlaryna elektrik energiýasyny eksport etmäge taýýardyr.

Mundan ozal, Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi ýurduň Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak, senagatyň hem-de ilatyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin umumy bahasy 75 million dollar bolan alty sany möhüm energiýa taslamasyny durmuşa geçirýändigini habar berdi. Bu möhüm infrastruktura düzümleri Owganystana, takmynan, 1000 megawat elektrik toguny import etmäge mümkinçilik berer. Netijede Kabulda we merkezi, gündogar we günorta welaýatlarda elektrik ýetmezçiligi bilen bagly meseleleri çözmäge mümkinçilik dörär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň