Top.Mail.Ru

Arhiw

Pantone reňk instituty 2024-nji ýylyň reňkini saýlady

09:3208.12.2023
0
20982

Pantone reňk instituty 2024-nji ýylyň reňki hökmünde mämişi-gülgün «Erik tüýjagazy» reňk öwüşginini (13-1023 Peach Fuzz) saýlady diýip, «The Washington Post» gazetine salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.

Pantone institutynyň direktory Litris Aýsmeniň sözlerine görä, «bu reňk duýgudaşlygy we jebisligi, aladany aňladýar, garaýyşlara täzeden baha bermäge ruhlandyrýar. Peach Fuzz reňk öwüşgininiň kömegi bilen biz rahatlyk tapyp bileris».

Pantone institutynyň hünärmenleri erik tüýjagazlarynyň öwüşgininiň rehimdarlygy aňladýandygyny, onuň ýakymly täsiriniň bolsa adamlary birleşdirýändigini nygtaýarlar.

Pantone institutynyň ýylyň reňk öwüşginini saýlap gelýänine 2024-nji ýylda 25 ýyl dolýar, institut 2023-nji ýylda ýylyň reňki diýip, açyk-gülgün Viva Magenta reňk öwüşgini saýlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň