Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýanyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Gotsburg we Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-awtsriýa hyzmatdaşlygynyň derejesi barada içgin gyzyklanma eýe bolan pikir-alyşmalar guraldy.
Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň ýokary depginini belläp, iki döwletiň işewürler jemgyýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.