Şu gün paýtagtda Ýokary liganyň 24-nji tapgyrynyň çäginde «Altyn asyr» «Nebitçini» kabul etdi. Duşuşykda garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňen «Altyn asyr» möwsümi kümüş medal bilen tamamlamagy kepillendirdi we geljek ýylda AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini gorady.
«Janköýeriň» habar berşi ýaly, «Nebitçi» 12-nji minutda Magtymberdi Berenow bilen öňe saýlanan hem bolsa, ýer eýeleri 37-nji minutda Hoşgeldi Hojowowyň geçiren goly bilen hasaby deňlediler. 54-nji minutda bolsa Röwşengeldi Halmämmedow «Altyn asyryň» ýeňiş goluny geçirdi.
Şeýlelikde, ýaryş tertibinde goňşy iki toparyň bu duşuşygyndan soň «Altyn asyr» bassyr ikinji ýyl kümüş medalyň eýesi boldy. «Aragatnaşykçylaryň» 20 duşuşykdan soň 47 utugy bar. 21 oýunda 34 utuk toplap bilen «Nebitçi» öňdäki üç duşuşygynyň üçüsinde hem ýeňiş gazanyp, «Altyn asyr» hem ähli duşuşyklarynda utulaýan ýagdaýynda hem 13 utuklyk aradaşlygy doly ýapyp bilmez.
«Nebitçi» bolsa üçünji orun üçin dördünjilikdäki «Aşgabat» bilen däl-de, bäşinjilikdäki «Ahal» bilen ýaryşmaly bolar. Çünki «Aşgabat» 23 duşuşyk geçirdi we 30 utuk toplap bildi. Ýene bir oýny galan paýtagtyň adybir topary ýeňiş gazanaýanda hem «Nebitçiniň» yzyndan ýetip bilmez. 26 utuk toplan «Ahal» bolsa ýaňy 18 duşuşyk geçirdi. 26 utuk toplan topar ýeňişli ýoluny dowam edip bilse, üçünji orna dalaş eder.