Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara topar dörediler

02:5201.12.2023
0
33074

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hem-de Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara topary döretmek boýunça degişli çäreler görülýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bu barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, geçirilýän işler raýat awiasiýasynyň Halkara guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny, yzygiderliligini we netijeliligini ýokary derejede üpjün etmäge gönükdirilendir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini netijeli ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

— Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm meseledir — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we bu ugurda Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlananda halkara awiasiýa işiniň talaplarynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Pudagara topary döretmek üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň