Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibinde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynyň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary, Raýat, Arbitraž, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat, Gümrük kodekslerine, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunlar we beýleki resminamalar kabul edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Türkmenistanyň kanunçylyk işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny, täze kanun taslamalary taýýarlananda, halkara tejribeden ugur alyp, olaryň döwrebap bolmagyny gazanmagyň wajypdygyny nygtady.
Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri, döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenilýän teklipler we resminamalar barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli ulgamlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, şeýle-de garamagyna hödürlenilen teklipler we resminamalar barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.