Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabady ösdürmegiň 2045-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasy işlenip taýýarlanylar

03:1001.12.2023
0
27756

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serd­ar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky­ Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow Aşgabat şäherini yzygiderli ösdürmäge we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň hem-de desgalaryň yzygiderli gurulmagy netijesinde, ýurduň paýtagty Aşgabadyň çägi barha giňeldilýär. Türkmenistanyň «Merkezi Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen baş şäheriniň gözelligini has-da artdyrmak we binagärlik keşbini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýär.

Wise-premýer Aşgabadyň täze baş meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanynyň garamagyna taýýarlanylan teklipleri hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň günsaýyn özgerýändigini, tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň şäher durmuşyna giňden ornaşdyrylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere Aşgabat şäheriniň 2045-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasy işlenip taýýarlananda, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryndan, öňdebaryjy halkara şähergurluşyk tejribesinden ugur alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

— Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzy ösdürmekde esasy talap bolmalydyr — diýip, Prezident Serd­ar Berdimuhamedow nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň