Kuraş boýunça Aşgabatda dowam edýän dünýä çempionatynda Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň tälimçisi Şatlyk Jumanyýazow bilen şol şäherdäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sabina Kadyrowa hem ýarymfinala çykdy.
Çärýekfinal duşuşygynda Şatlyk Jumanyýazow müsürli Basel Walaaeldin Mohamed Eldibden üstün çykdy. Türkmen ýygyndysynyň iň ýaş wekili bolsa hindistanly Şital Şitaly ýeňdi. Jumanyýazowyň 73, Kadyrowanyň bolsa 78 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşýandygyny ýatladýarys.
Şeýlelikde, şu günüň dowamynda türkmen türgenleriniň arasynda azyndan bürünç medal gazanmagy kepillendirenleriň sany dörde ýetdi. Mundan ozal Wepa Awlýakulyýew bilen Döwlet Hemrakulyýew hem ýarymfinala çykmaga hukuk gazanypdy.
Türkmen ýygyndysynyň dünýä çempionatynda häzire çenli 8 medaly bar. Olaryň 2-si altyn, 3-si kümüş, ýene şonçasy bolsa bürünç medaldyr.