Top.Mail.Ru

Arhiw

Ruslan Mingazow 32 ýaşady: futbolçynyň maşgalasy, futbol ýoly we geljegi bilen bagly söhbetdeşlik

18:1923.11.2023
0
25006

Şu gün, 23-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow 32 ýaşyny doldurýar. Ol özi we janköýerleri üçin şanly senäniň öňüsyrasynda «Turkmenportala» beren interwýusynda geljekki meýilleri barada gyzykly gürrüňleri berdi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda onuň Gonkongyň ýygyndysynyň derwezesinden geçiren goşa goly barada pikir alşyldy.

― Gutlaglaryňyz üçin sag boluň! Şu gün-ä irdenki türgenleşiklerimiz boldy, ertir hem çempionlyk oýnumyz bar. Şonuň üçin doglan günümi bellemesem gerek. Agşam öýde maşgalam palaw bilen dolma bişirjekdigini aýdypdy. Ýagny milli tagamlaryna beslenen ýakymly gün bolar. Ertir bolsa duşuşykda soň bir ýere gitmegi meýilleşdirip bileris.

― Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Gonkongyň derwezesinden iki gol geçirdiňiz. Bu gollar siz we topar üçin näme aňladýar?

― Gonkongda üç utuk gazanyp biljekdigimize ynamymyz uludy, ýöne görşüňiz ýaly deňlige razy bolduk. Ýöne täsin oýun boldy, iki tarap hem howply pursatlary kän döredip bildi. Dogry, iki gol geçirdim, ýöne men ýeňiş gazanan bolsak has begenerdim. Elbetde, milli ýygynda dolanandygym üçin şatlygymyň çägi ýok, indiki duşuşyklarda gol geçirmek ýa-da asist etmek üçin elimden gelenini gaýgyrmaryn.

― Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama böleginde indiki tapgyra çykmak mümkinçiligine nähili baha berýärsiňiz?

― Ýaňy iki oýun geçdi. Yzda galan duşuşyklaryň ikisinde-de birinji ýarymda öňe saýlanyp, soňra üstünligimizi gorap bilmedik. Häzir 1 utugymyz bar. Eýranyň ýygyndysy bilen mart aýynda geçiriljek iki duşuşyk toparçadaky ýagdaýymyzy seljerer. Öňümizde duran duşuşyklara sabyrsyzlyk bilen garaşyp, olara taýýarlyk göreris. Nähilidir bir netije ýa mümkinçilik barada gürrüň etmek heniz ir.

― Siz Gonkongyň ligasynda «Kitçi» toparynyň düzüminde futbol oýnaýarsyňyz. Öz topardaşlaryňyza garşy oýnamak we gol geçirmek nähili duýgudy?

― Beýle tejribe mende ilkinji gezek bolup geçdi. Elbetde, garşydaş ýygyndy meniň başaryp biljek zatlaryma beletdi. Ýöne milli ýygyndymyzyň tälimçiler düzümi oýunda hüjüme çykmak mümkinçiligimden kän peýdalanýandygym üçin çep gyrada ulanyp, dogry netijäni kabul etdi. Ligadaky tejribämden garşydaş ýygyndynyň ejiz taraplaryny hem bilýärin. Bu maňa kömek etdi.

― Gonkongdaky ýaşaýşa we futbola nähili öwrenişdiňiz? Bu ýerde halan we göwnüňize ýaramadyk zatlar barada gürrüň beräýseňiz.

― Ikisine-de öwrenişmek kyn düşmedi. Bu ýerde duşuşyklar biri-birine ýakyn aralyklarda geçirilýär. Şonuň üçin men hemişe maşgalamyň ýanynda we ýakynynda. Şu möwsümde diňe AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky we milli ýygyndydaky duşuşyklar üçin uzak aralyklara syýahat etdim. Şeýle-de, professional futbolçynyň ömri, köplenç, uçarda geçýär. Ýöne men Gonkongdaky futbol atmosferasyny diýseň haladym.

― Şu möwsümdäki oýun derejäňiz barada näme aýdyp bilersiňiz? Öz başarnyklaryňyzda halaýan we halamaýan taraplaryňyz barmy?

― Möwsümiň başynda tälimçimiz çalyşdy. Bu bolsa oýnumyza täsirini ýetirdi. Ýöne gysga wagtda ýene-de toparlaýyn we sazlaşykly oýnumyza gaýdyp geldik. Hemişe özümi kämilleşdirmegiň üstünde işleýärin. Geljekde has gowy oýny orta goýup biljekdigime ynanýaryn. Elbetde, has ösdürmeli taraplarym bar. Munuň üçin hem ýörite türgenleşikleri geçirýärin.

― «Kitçiniň» ýerli çempionatdaky we AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky gowşak oýnuny näme bilen baglanyşdyrýarsyňyz? Has gowy netije gazanma üçin näme etmeli?

― Her duşuşykda amatly pursatlary döredýändigimize garamazdan, geljek möwsümde Çempionlar ligasyna gatnaşmak mümkinçiligimiziň azalandygyndan howatyr edýärin. Bize käte şowlulyk, käte bolsa kesgitli netijeler ýetmedi. Hemişe ýokary derejede oýnamak kyn, ýöne wagtyň geçmegi bilen has kämilleşip, gowy netijeleri gazanyp başlajakdygymyza ynanýarys.

― Geljekki maksatlaryňyz barada hem gürrüň beräýseňiz. Sport ýoluňyzy Gonkongda dowam etdirmek meýliňiz barmy ýa başga ýollary gözleýärsiňizmi?

― «Kitçi» bilen 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli şertnamam bar. Şoňa çenli Gonkongda galsam gerek. Ýöne futbolda bir zady öňünden aýtmak kyn. Köplenç, tekliplere we täze şertlere laýyklykda ýagdaý üýtgäp bilýär. Esasy zat, oýunçy özüni hemişe kämilleşdirip durmaly.

― Futbolçylykdan soň tälimçi bolmak meýliňiz barmy?

― Belki, geljekde tälimçi bolup işläp bilerin. Ýöne häzir bar ünsümi futbol oýnamaga berýärin. Häzirki maksadym futbol oýnamak we futbolçy bolmak. Soňra-da, elbetde, sportsuz ýaşaýşy göz öňüne getirip bilemok. Çagalykdan futbol bilen ulaldym, geljegimem onuň bilen bagly bolsa gerek. Geljekde näme kärde işlesem hem, futbol bir gapdalymda bolar.

Georgiý ASLANÝAN

«Turkmenportal».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň