Awstraliýanyň günrükhanasynda pensioner zenan Jun Armstronga elgoşunda unudan sendwiçi üçin jerime saldylar diýip, «NZ Herald» neşirine salgylanýan «M24» ýazýar.
77 ýaşly zenan Awstraliýa Täze Zelandiýadan uçarda gelipdir. Uçmazyndan öň ol howa menzilinde towuk etli sendwiç satyn alyp, soň ony unudypdyr. Gümrükhanada enäni saklap, 3,3 müň awstraliýa dollary möçberde jerime salypdyrlar.
Munuň sebäbi Awstraliýada islendik et önümini ýurda getirmäge girizilen berk gadaganlykdyr. Pensioner ene buterbrodyny gelende, bellige aldyrmaly eken, emma ol bu düzgünleri bilmändir. Garaşylmadyk ýagdaýa uçrap, aljyran ene aglapdyr.
Ol habarçylara özüniň diňe pensiýasynyň hasabyna eklenýändigini gürrüň beripdir, jerimäniň möçberi bolsa, onuň pensiýa pulunyň tas ýarpy bölegine deň eken. Netijede, oňa howa menzilinde bir nätanyş adam jerimesini tölemekde kömek edipdir.
«Men jerimämi nätanyş adamyň töländigine ynanyp bilemok. Ol rehimdar adam ekeni, sag bolsun!» diýip, pensioner ene oňa alkyşyny beýan edýär.