Top.Mail.Ru

Arhiw

«Daýhanbank» DTB Türkmenistanda hereket edýän bank kartlarynyň sany boýunça öňdebaryjy boldy

11:4023.11.2023
0
27280

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli ýurtda hereket edýän bank kartlarynyň sany boýunça öňdebaryjy boldy diýip, Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň «Bank habarlary» žurnalynda habar berildi.

Umuman alanyňda, Türkmenistanda «Daýhanbankyň» 1 904 809 bank karty hereket edýär. Olar, esasan, Mary (566 822), Daşoguz (468 755) we Lebap (423 116) welaýatlarynda ulanylýar.

Umuman alanyňda, 1-nji oktýabrdaky ýagdaýa laýyklykda, Türkmenistanda 5 411 485 bank karty ulanylýar.

Türkmenistandaky banklaryň berlen bank kartlarynyň sany boýunça täzelenen reýtingi şeýle tertibe eýe:

  • «Daýhanbank» DTB — 1 904 809;
  • «Türkmenistan» DTB — 1 069 631;
  • «Halkbank» PTB — 632 774;
  • «Türkmenbaşy» PTB — 577 352;
  • TDDYIB — 485 618;
  • «Senagat» PTB — 443 067;
  • «Rysgal» PTB — 182 387;
  • «Türkmen-türk» PTB — 115 846.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň