Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ilçi Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Şeýle-de diplomat Prezident Serdar Berdimuhamedowa Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we bu ýurduň Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.
Ilçi özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna Malaýziýada aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we ilçini möhüm diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini we syýasy taýdan özara ynanyşmagyň yzygiderli berkidilýändigini kanagatlanma bilen belläp, BMG, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň birek-birege goldaw bermek hem-de ýakyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça gatnaşyklaryna ýokary baha berdi.
Duşuşykda türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy kanagatlanma bilen bellenildi.
— Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, türkmen-malaýziýa söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini bellemek gerek. Nebitgaz pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Söhbetdeşligiň barşynda Malaýziýanyň «Petronas Çarigali» nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýandygy we ýurduň nebitgaz senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýandygy özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde bellenildi.
Medeni-ynsanperwer, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygy barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny nygtap, türkmen-malaýziýa dialogynyň mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi hoşniýetli arzuwlar we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.