Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet we hususy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumy geçirildi.
Forumyň işine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary - Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş gatnaşdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar bu çäräniň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we logistika ýaly gatnaşyklarynyň giň gerimli ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ýene-de bir möhüm ädim bolup durýandygy, şeýle hem ikitaraplaýyn mümkinçilikleri ösdürmekde hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we berkitmegiň ýollaryny tapmakda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň gepleşikleri üçin netijeli platforma bolup hyzmat edýändigi barada umumy pikiri beýan etdiler.
Serginiň we işewürlik forumynyň çäginde Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak üçin birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler.
Gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda däp bolan netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.