Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary serhetýaka we sebitleýin söwdany ösdürmäge çagyrdy

16:4309.11.2023
0
27640

Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-nyň ýurtlaryny serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige çagyrdy. Bu barada TDH ýazýar.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar. Munuň üçin bolsa amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutmalar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdyr.

«Kiçi we orta telekeçiligiň üsti bilen işewür gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, senagat önümleriniň käbir görnüşlerini, oba hojalyk önümlerini öndürmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris» diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýurtlarymyzyň eýe bolan mümkinçilikleri we niýetleri barada has giň habardar bolmak üçin anyk maglumatlary, teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan «Maglumat portalyny» döretmek baradaky pikire seretmegi teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň