Dynç güni Aşgabadyň «Agama» alpinistler kluby Gökderäniň golaýyndaky Duşak-Erikdag dagynyň demirgazyk çetinde ýerleşýän Harlasang depesine (1643 metr) «Dik kilometr» skaýranning ýaryşyny gurady.
Klubyň web sahypasynda habar berlişi ýaly, ýaryşa dag syýahatçylygynyň we skaýranningiň höwesjeňleri hem-de muşdaklary gatnaşdylar. Olar ýaryşa gatnaşmak üçin ir säher bilen Köpetdagyň eteginde jemlenişdiler. Ýaryşda 40 töweregi türgen tizlik babatda bäsleşdi.
Aralyk 5 kilometre ýetdi, beýiklik ýaryşyň başlanýan nokadynda pellehana çenli aralykda müň metrden gowrak tapawut etdi. Ýaryşyň geçýän ýoly bäsleşigi guraýjylar tarapyndan ünsli saýlandy, bu hatda täze başlanlara-da bu ýolda arkaýyn ugur tapmaga mümkinçilik berdi. Barlag nokatlarynda gatnaşyjylar suw we nahar bilen hezzetlendi.
Ýaryşyň eminleri netijeleri «erkekler», «aýallar» we «ýetginjekler» diýen toparlar boýunça hasaba aldylar. Netijelere görä, ýaryşda skaýranning ýaryşlarynda ozal hem ençeme gezek üstünlik gazanan Alekper Ahmedow ýeňiji boldy. Onuň görkezen netijesi 1 sagat 7 minuda barabar boldy.
Pellehana ikinji bolup Eldar Iksanow geldi (1 sagat 32 minut).
Ilkinji üçlügi Sergeý Smahaşow jemledi (1 sagat 40 minut).
Aýallaryň arasynda Näzik Annagurdowa (2 sagat 21 minut) ýeňiji boldy. Ýeňijiden dokuz minut giç gelen Jemile Hajyýewa — ikinji, Olga Loskarewa bolsa üçünji orny eýeledi.
Ýetginjekleriň arasynda Wlad Korolew 1 sagat 38 minut 10 sekuntda pellehana gelip, öňdeligi eýeledi, Mihail Sungurow ýeňijiden 30 sekunt yzda galdy. Duşuşykda üçünji orny 1 sagat 55 minutlyk görkeziji bilen Timur Baýramow we Aleksandr Miroşniçenko paýlaşdy.
Dmitriý Sungurow (11 ýaşynda) bäsleşige iň ýaş gatnaşyjy boldy. Olga Kotelnikowa (82 ýaş) we Waleriý Pruçkin (72 ýaş) ýaryşa gatnaşyjylaryň iň garrylary diýlip ykrar edildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri guramaçylar tarapyndan diplomlar bilen sylaglandy. Beýleki gatnaşyjylar bolsa şahadatnama mynasyp boldular.
Belläp geçsek, skaýranning — bu sportuň daga ýokary tizlikli dyrmaşmak (ýokary belentlikde ylgamak) boýunça görnüşi bolup durýar.