Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy

11:2407.11.2023
0
16013
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
Surat: tngizt.gov.tm

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, BAE-niň, Pakistanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçileri biz we aşgarlanmadyk matany, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, dokma galyndylaryndan dikeldilen süýümi we egirme önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 214 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 326 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), el halylaryny, jins önümlerini, flanel matany we nah ýüplügi satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň