Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna ak pata berdi. Şeýle-de döwlet Baştutany bu ýerde sanly ulgam arkaly beýleki täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegine hem-de düýbüniň tutulmagyna ak pata berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, Balkan welaýatynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli dabaralaryň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa bu ýerde guralan dabaralara gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullap, şu gün ýurduň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak wakalaryň bolandygyny belledi hem-de şoňa görä-de, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi her ýylyň 3-nji noýabrynda bellemegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.