Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti 1574 megawatt bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna ak pata berdi

12:3703.11.2023
0
33992

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde kuwwaty 1574 megawatt bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna ak pata berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Bu ýerde dünýä belli öndürijileriň biri hökmünde tanalýan ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň tebigy «mawy ýangyçda» işlejek 4 sany gaz turbinasy we 2 sany bug turbinasy oturdylar.

Döwlet Baştutany täze energetika desgasynyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi we ýagşy işlerdir başlangyçlara ak pata bermek ýaly halkyň nesilden nesle geçirip, dowamat tapan asylly däp-dessurlaryna laýyklykda, täze desganyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady we hormatly ýaşulular bilen bilelikde geljekki elektrik stansiýanyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň