Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabatda Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction» kompaniýasynyň şahamçasy açyldy

11:1003.11.2023
0
25627

Aşgabat şäherinde Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction» gurluşyk kompaniýasynyň şahamçasy açyldy. Açylyş dabarasyna Koreýanyň daşary işler ministri Pak Jin we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow gatnaşdy. Muny Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, Halkara maglumat merkezi habar berdi.

Açylyş dabarasynda Baýmyrat Annämammedow koreý kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine goşan goşandyna ýokary baha berip, Koreýanyň «Galkynyş» gaz käninde kükürt arassalaýjy toplumyň we Gyýanlyda gazhimiýa zawodynyň gurluşygy ýaly iri taslamalara gatnaşandygyny aýtdy. Şeýle hem, Koreýa bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa we infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga umyt bildirdi.

Pak Jin hem öz gezeginde türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegi teklip etdi. Şeýle hem Koreý kompaniýalarynyň dökün zawodlaryny gurmak, tebigy gaz suwuklandyryş desgalaryny döretmek we kükürtlendiriji zawodlary gurmak ýaly taslamalara gyzyklanma bildirýändigini aýtdy diýip, çeşme belleýär.

«Daewoo Engineering & Construction» Koreýanyň 1973-nji ýylda esaslandyrylan we merkezi edarasy Seulda ýerleşýän gurluşyk kompaniýasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň