Türkmenistanyň zähmetsöýer ekerançylary 2024-nji ýylyň hasyly üçin jemi 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirip, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa bu baradaky hoş habary ýetirdi.
Wise-premýer Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge berýän hemaýat-goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle-de wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de ýurduň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri görüldi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli türkmen halkyna ýüzlenip, ýurtda bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirmegiň we ekin meýdanlarynda doly gögeriş almagyň wajypdygyny belläp, wise-premýer T.Atahallyýewe bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.