Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Arkadag» futbol toparynyň nyşanynyň taslamalary bilen tanyşdy

10:3502.11.2023
0
28163

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň dowamynda şäher bilen adybir futbol topary üçin hödürlenilýän nyşanlaryň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri olarda milli sportuň ösdürilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň ýokary netijeli sporta çekilmeginde, türkmen futbolynyň ösüşiň ýokary derejesine çykmagynda ähmiýeti bolan many-mazmunyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Bu nyşanlar türkmen türgenleriniň buýsanjyna öwrülmelidir.

Ýeri gelende aýtsak, «Arkadag» futbol topary şu ýylyň aprel aýynda döredildi. Topar häzir Türkmenistanyň çempionatynda we kubok ýaryşynda üstünlikli çykyş edip gelýär.

Milli çempionatda 16 duşuşykda toplan 48 utugy bilen ýaryşyň başyny çekýän «Arkadag» futbol topary kubok ýaryşynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygynda hem «Altyn asyry» 4:1 hasabynda ýeňip, finala has ýakynlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň