Bu barada 28-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň barşynda ýurduň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer B.Amanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasiýa tehnologiýalary esasynda gurlan, elektrik energiýasyny öndürýän täze desgalary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan, elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.