Habar berşimiz ýaly, 28-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Fitch Ratings» halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilmegine gönükdirilen degişli ylalaşygy baglaşmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, karz derejesini kesgitleýän abraýly agentlikler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary ýurtlarda çekilýän maýa goýumlarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna, karz beriş şertleriniň ýönekeýleşdirilmegine hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmelidigini belledi hem-de «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistana berlen halkara derejeleriniň ýurduň halkara maliýe abraýyny has-da ýokarlandyrýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany şundan ugur alyp, halkara agentlikleri bilen zerur işleri yzygiderli alyp barmak babatynda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
«Fitch Ratings» halkara agentligi 1913-nji ýylda neşirýat hökmünde döredilip, 1924-nji ýyldan bäri bolsa reýting agentligi görnüşinde hereket edýär. «Standard & Poor’s» we «Moody’s» bilen birlikde dünýäniň üç sany iri reýting agentlikleriniň biri bolup, karz bazarlaryna garaşsyz we geljege gönükdirilen karza ukyplylyk, barlag-seljeriş işleriniň netijeleri we ykdysady maglumatlar boýunça bahalandyrmalary bermäge ýöriteleşendir. Nýu-Ýorkda we Londonda ştab-kwartiralary, şeýle hem dünýä boýunça 51 sany wekilhanasy bar. Agentlik tarapyndan kesgitlenen reýtingler 3100 sany maliýe edaralaryna, 1600 sany banklara, 1400 sany ätiýaçlandyryş kompaniýalaryna, 1200 sany korporasiýa, 89 sany döwlete we 45 müňden gowrak ýerli häkimiýetlere berildi.