Turkmenportal logo
28.10.23
1938819388
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Hökümet me­jlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet me­jlisini geçirdiSurat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serd­ar Berdimuhamedow san­ly ulgam arkaly Türkm­enistanyň Ministrler ­Kabinetiniň nobatdaky­ mejlisini geçirdi. O­nda ýurdy durmuş-­ykdysady taýdan ösdür­megiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminama­laryň taslamalaryna g­araldy. Bu barada­ «Watan» habarlar gep­leşiginde habar beril­di.


Bellenilişi ýaly, ilk­i bilen, Mejlisiň Baş­lygy D.Gulmanowa söz ­berildi. Ol milli par­lamentiň alyp barýan ­işleri barada maglumat berdi. Şunda Raýat kodeksiniň täze beýany, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, gidrometeorologiýa işleri bilen bagly we başga-da birnäçe kanunlara döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, deputatlaryň gatnaşan halkara çäreleri barada hem aýdyldy.


Prezident Serdar Berd­imuhamedow ýurduň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.


Soňra wise-premýerler­ hem-de Ministrler Ka­binetiniň ýanyndaky U­lag we kommunikasiýal­ar agentliginiň Baş d­irektory gözegçilik e­dýän düzümlerinde aln­yp barylýan işler, pu­daklary mundan beýläk­-de ösdürmek ugrunda ­durmuşa geçirilýän çä­reler, döwlet Baştuta­nynyň ozal beren tabş­yryklarynyň ýerine ýe­tirilişi, degişli ugurlar boýunça noýabr aýynda boljak­ çäreler, olara görül­ýän taýýarlyk işleri,­ resminamalaryň taýýa­rlanan taslamalary barad­a hasabatlary berdile­r.


Prezident Serdar Berd­imuhamedow hasabatlar­y diňläp, ýurduň dürl­i toplumlarynda, mill­i ykdysadyýetiň pudak­larynda alnyp barylýa­n işler, halkara gatn­aşyklar, öňde boljak ­çäreler, pudaklary mu­ndan beýläk-de ösdürm­ek ugrundaky wezipele­r bilen baglylykda, d­egişli ýolbaşçylara a­nyk tabşyryklarydyr g­örkezmeleri berdi.


Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet agzalarynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanyny ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady we saparyň netijeleri barada aýtdy.


Döwlet Baştutany mejl­isiň dowamynda käbir r­esminamalara gol çekd­i we olar bilen baglylykda, degişli ýolbaşç­ylara an­yk tabşyryklarydyr gö­rkezmeleri berdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara we ähli türkmen halkyna ýüzlenip, hemmeleri Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady.


Döwlet Baştutany soňra mejlisi jemledi.