Top.Mail.Ru

Astrahan Türkmenistan bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda hyzmatdaşlyga taýýar

23:2825.10.2023
0
21143

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmekde Russiýanyň öňdebaryjy sebitlerinden biri bolan Astrahan sebiti bu ugurda Türkmenistana hyzmatdaşlygy teklip etdi.

Bu barada «Türkmenistanyň nebit we gazy — 2023» halkara maslahatyň we serginiň çäginde Astrahan sebitiniň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Denis Afanasýew mälim etdi.

«Astrahan sebiti Russiýa Federasiýasynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça bäş sebitiniň biridir. Bu ugurda bilelikde hereket etmek üçin gowy mümkinçilikleri görýärin. Bu Türkmenistan bilen Astrahan sebitiniň geografiki we howa şertlerine meňzeşligi sebäpli has möhümdir. Şeýle hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin gyzykly bolup biler, bu özara gatnaşyk üçin geljegi uly ugur» diýip, Afanasýew belledi.

Şeýle hem ol Astrahan sebitinde häzirki wagtda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň 50 göteriminiň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýändigini belläp geçdi. Onuň bellemegine görä, Hazar sebitiniň ähli ýurtlarynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi üçin meňzeş şertler bar.

«Bu Hazaryň basseýnindäki her bir ýurt üçin amatly, alternatiw energiýa çeşmeleri bu sebite mahsus bolup biler, onuň bu ýerde gowy ösmegi we gowy girdeji getirmegi ähtimal» diýip, Astrahan sebitiniň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň