Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Pahtakor» — «Ahal» oýnuna nähili tomaşa edip bolar

11:3424.10.2023
0
30583

Türkmenistanyň «Ahal» topary AFK Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynda Özbegistanyň «Pahtakory» bilen duşuşar. Oýun 24-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-da Daşkent şäherindäki «Bunýodkor» stadionynda geçiriler.

AÇL-iň üçünji tapgyrynyň oýnuna Türkmenistanyň çäginde IPTV ulgamynda elýeterli bolan Täjigistanyň «Futbol HD» hem-de Özbegistanyň «Sport» teleýaýlymlarynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.

Ýeri gelende ýatlatsak, AFK Çempionlar ligasynyň «A» toparçasynda iki tapgyryň jemleri boýunça «Al-Aýn» topary 6 utuk bilen turnir tablisasynda liderlik edýär.«Ahal» we «Al-Feýha» toparlarynyň bolsa hersinde 3 utuk bar. Heniz utuk gazanyp bilmedik «Pahtakor» toparçada iň soňky orny eýeläp dur.

«Pahtakor» — «Ahal» oýnuna ýaponiýaly referiler eminlik ederler. Oýnuň baş emini hökmünde Zýumpeý Iida jürlewük çalasa, oňa iki gapdalda ildeşleri Isao Nişihasi we Kota Watanabe ýardam ederler. Dördünji eminiň wezipesini Hiroki Kasahara, VAR-daky eminleriň wezipesini bolsa Ýusuke Araki we Ýudaý Ýamamoto ýerine ýetirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň