Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

CNPC Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrar

15:4723.10.2023
0
45156

Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasy (CNPC) Türkmenistandan Hytaýa çenli gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrjakdygyny mälim etdi. Bu barada «China Daily» habar berdi.

Dördünji gaz turbageçirijisiniň taslama kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr mawy ýangyç akdyrmaga mümkinçilik berer. Turbageçiriji «Galkynyş» ýatagyndan gözbaş alyp, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan arkaly Hytaýa barar.

CNPC-iň habaryna görä, geçen ýyl Hytaýa bar bolan gaz geçiriji şahalary arkaly 42 milliard kub metr tebigy gaz iberilipdir.

2009-njy ýylda açylandan bäri Türkmenistan — Hytaý gaz turbageçirijisi arkaly 2022-nji ýylyň ahyryna çenli 423 milliard kub metr tebigy gaz akdyryldy.

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Pekinde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň D ulgamynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň