Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan) Türkmenistanyň Baş konsuly Güýç Garaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nižniý Nowgorodda bolup, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmen wekiliýeti Nižniý Nowgorod sebitiniň ýolbaşçylary — gubernatoryň orunbasary Andreý Sanosýan, Halkara we sebitara gatnaşyklar ministri Olga Gusewa we Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Nižniý Nowgoroddaky wekili Sergeý Malow bilen duşuşdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa sebitiniň arasyndaky gatnaşyklaryň çalt we yzygiderli ösýändigini belläp, taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygy barada umumy pikire geldiler.
Olga Gusewanyň bellemegine görä, Nižniý Nowgorod sebitiniň halkara we sebitara gatnaşyklar ministrligi Türkmenistanyň köp ýyl bäri sebitiň möhüm strategiki hyzmatdaşydygyna ynanýar. Türkmen kärhanalary Nižniý Nowgorodyň kompaniýalary bilen öndürijilikli aragatnaşyk saklaýar we Türkmenistandan gelen talyplar sebitdäki dürli çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Olga Gusewa bilim pudagynyň Nižniý Nowgorod sebiti bilen Türkmenistanyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň ugurlaryndan biridigini aýtdy. Türkmenistandan 600-den gowrak talyp Nižniý Nowgorodyň uniwersitetlerinde okaýar.
Türkmen wekiliýeti hem özara gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmegiň möhümdigini belledi. Güýç Garaýew, esasan hem, bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň uludygyny aýtdy.
«Daşary ýurtda okamak isleýän Türkmenistanyň raýatlary rus uniwersitetlerini saýlaýarlar, şonuň üçin bu ugurda işlemegimizi dowam etmeli» diýip, diplomat belledi.