Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Italýaly kompaniýalaryň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi

14:1817.10.2023
0
41879

Italiýanyň kompaniýalarynyň we Stambuldaky Italiýa Söwda Gullugynyň wekilleriniň uly topary Aşgabat şäherine geldi diýip, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy sosial ulgamda habar berýär.

Bu sapar iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldamak maksady bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlykda Italiýanyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan guraldy.

Italiýaly telekeçileriň wekiliýeti Rinieri, Vignetinox, Ricciarelli SPA, RI.MA Group, FBR-ELPO SPA, SARBA International kompaniýalarynyň wekillerinden ybarat.

Italiýaly kompaniýalaryň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäginde Söwda-senagat edarasy tarapyndan agrosenagat tehnikasy we enjamlary, azyk senagaty we gaplaýyş pudagy boýunça Tehnologik seminar geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň