Top.Mail.Ru

Arhiw

CNPC «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara forumynyň platina hemaýatkäri boldy

13:2817.10.2023
0
39974

CNPC her ýyl geçirilýän esasy energetika çäresi bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara forumyna işjeň gatnaşýar. Kompaniýa bu ýyl 25—27-nji oktýabrda geçiriljek forumyň platina hemaýatkäri boldy.

CNPC-niň dünýäniň energetika giňişliginde öňdebaryjy orny eýeleýän toplumlaýyn halkara energetika kompaniýasydygyny bellemelidiris. 30-dan gowrak ýurt bilen alyp barýan işleriniň we hyzmatdaşlygynyň dowamynda ol dünýä derejesinde birinji derejeli diwersifikasiýa energetika kompaniýasy statusyny ykrar etdirmegi başardy.

Köp ugurly halkara energetika kompaniýasy hökmünde CNPC, esasan, nebit-gaz maýa goýum amallaryny birleşdirmek, inžener-tehnologik hyzmatlary ýerine ýetirmek, nebit taslamalaryny gurmak, nebit enjamlaryny öndürmek ýaly ugurlarda iş alyp barýar. Deňizde nebit-gaz gözlemek hem-de özleşdirmek bilen meşgullanýan korporasiýa Merkezi Aziýada, Russiýada, Ýakyn Gündogarda, Afrikada, Latyn Amerikasynda we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde öz işiniň gerimini giňeldýär. Şu güne çenli kompaniýa 32-den gowrak ýurtda nebit-gaz maýa goýum amallaryny geçirdi.

2021-nji ýylda kompaniýa 179,44 million tonna çig nebit öndürdi we dürli ýurtlara 179,44 million tonna nebit iberdi. Bu döwürde nebiti gaýtadan işlemegiň mukdary 200,81 million tonna boldy. Hytaýyň iň uly tebigy gaz daşaýjy we satyjysy hökmünde CNPC-niň tebigy gaz satuw mukdary 205,55 milliard kub metre ýetdi.

Bu kompaniýa Türkmenistandaky dünýä we Aziýa çempionatlaryny öz içine alýan ähli iri sport taslamalaryna hyzmatdaş hökmünde işjeň gatnaşýar.

CNPC daşky gurşawa hormat goýmagyň möhümdigini ykrar etmek bilen, birnäçe ýyl bäri «OGT» halkara forumyna gatnaşyp gelýär. Häzirki wagta çenli 35 ýurtdan 400-den gowrak wekiliýet foruma gatnaşmak üçin hasaba alyndy we sergide 70-den gowrak halkara energetika kompaniýasy öz stendlerini görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň