Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Tatarystandan gelen medeniýet ussatlaryny garşylaýar

13:4116.10.2023
0
26040

17-nji oktýabrda geçiriljek Tatarystan Respublikasynyň (RF) Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşyjylar şu gün Aşgabat şäherine geldiler. Dostlukly ýurduň wekiliýetine Tatarystanyň medeniýet ministri ýolbaşçylyk edýär.

Döredijilik topary bilen Tatarystanyň meşhur aýdymçylary, Döwlet halk sazlary ansambly, «Premýer» topary, režissýorlar, tatar halkynyň milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň öňdebaryjy ussatlary Türkmenistana geldiler.

Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy 17-nji oktýbarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler.

Sagat 16:00-da şol ýerde Tatarystanyň milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, ýadygärlik sowgatlaryň sergisi geçiriler. Şeýle-de serginiň çäginde Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren taryhy ýadygärlikleriniň fotosuratlary hem görkezilişe çykarylar.

Sagat 18:00-da Mukamlar köşgünde Tatarystanyň sungat we medeniýet ussatlarynyň konserti bolup geçer.

Şeýle-de dostlukly ýurtdan gelen sungat ussatlary 18-nji oktýabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda hem çykyş ederler. Konsert 15:00-da başlar.

18-nji oktýabrda Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Milli amaly-haşam sungatyny we senetçiligini gorap saklamak, dikeltmek we ösdürmek» atly «tegelek stol» duşuşygy geçiriler.

Kino muşdaklaryna 18-nji oktýabrda «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriljek iki ýurduň kinematograflarynyň duşuşygy hem-de häzirki zaman tatar filmleriniň görkezilişi garaşýar.

Sagat 15:30-da arap diplomaty Ahmed ibn Fadlanyň ýol ýazgylaryna esaslanyp 2022-nji ýylda surata düşürilen «Ibn Fadlan» filminiň görkezilişi başlar.

17:30-da tomaşaçylara tatar nusgawy edebiýatynyň wekili Galimjan Ibragimowyň «Almaçuar» eseri esasynda surata düşürilen «Tarlan» çeper filmi görkeziler. Bu film Gazagystan bilen Tatarystanyň arasyndaky ilkinji bilelikdäki kinotaslama boldy.

Film görkezilişi 19-njy oktýabrda sagat 16:00-da maşgala durmuşy barada surata alnan «Isenmesez» («Sen dirimi?») çeper filmi bilen dowam etdiriler.

Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri 19-njy oktýabrda sagat 17:00-da Mukamlar köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň dostluk konserti bilen tamamlanar.

Medeniýet günleriniň çäginde myhmanlar üçin muzeý gymmatlyklary we türkmen paýtagtynyň beýleki gözel ýerleri bilen tanyşlyk gezelençleri guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň