Braziliýanyň Amazoniýa tokaýlaryny güýçli tokaý ýangynlarydyr sebitde görülmedik guraklyk gurşap aldy diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.
Ilaty 2 million adam bolan Manaus şäherinde howanyň hili iň ýaramaz derejä ýetdi, netijede, mekdeplere okuwlary we çäreleri, şol sanda halkara ylgaw ýaryşyny ýatyrmagy boldy.
Adatça oktýabr ýagyş möwsüminiň başlanýan döwrüdir. Emma Atlantika ummanynyň demirgazyk böleginde suwuň gyzmagy bulutlaryň akymyny togtatdy. Ýagdaýa El-Nino hadysasy – Ýuwaş ummanyň ekwator böleginde suwuň gyzmagy hem täsir edýär, ol dekabrda iň ýokary derejä ýeter diýlip garaşylýar.
Tefe kölünde suwuň gyzmagy sebäpli derýa delfinleriniň, şol sanda ýitip ýok bolmak howpy abanýan gyrmyzy delfinleriň onlarçasy heläk boldy.