Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana iş sapary bilen bardy, Belarus ýokary okuw mekdepleri Aşgabatda geçirilen sergide bilim hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar, türkmen medeniýet we sungat ussatlary Wenada konsert bererler we beýleki habarlar

13:2513.10.2023
0
37654

Türkmenistan

1. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Bişkek şäheriniň «Manas» Halkara howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

2. Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäginde Türkmenistanyň raýatlary üçin hödürleýän bilim hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar. Söwda-senagat edarasynda «Belarusda bilim» pawilýony ýaýbaňlandyryldy, oňa Belarusyň bäş sany ýokary okuw mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar. Bilim edaralarynyň wekilleri belarus ýokary okuw mekdepleriniň şertleri barada maglumat berdiler, Türkmenistanyň gyzyklanýan raýatlaryny respublikadaky bilim mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar we olarda bilim almagyň tapawutly taraplary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

3. Oktýabr aýynyň ortasynda Awstriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini guramak meýilleşdirilýär geçiriler. Bu çäräni geçirmek barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Wena şäheriniň häkimliginiň wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda bellenildi. Taraplar Wenada geçiriljek türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň iki ýurduň arasyndaky medeni dialogyň möhüm wakasy boljakdygyny nygtadylar.

4. «Taksi» filmindäki polisiýa inspektory Aleniň keşbi bilen tanalýan fransuz aktýory Eduar Montut Türkmenistana geldi. Ol 14-15-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Arkadagyň säheri» atly ilkinji halkara kinofestiwala gatnaşar. Montut Aşgabat şäherine gelen pursatynda žurnalistler bilen duşuşdy we bu syýahatyň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berdi: «Men Türkmenistana ilkinji gezek geldim. Bilşime görä, ýurtda ilkinji gezek geçirilýän bu festiwala gatnaşýandygym üçin men örän şat. Festiwalyň ýatdan çykmajak wakalara baý boljakdygyna ynanýaryn» diýip, Montut belledi.

5. 29-njy oktýabrda Aşgabatda «Ýylyň edermen türkmen alabaýy» atly halkara bäsleşigi geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, bu bäsleşigi geçirmek hakynda degişli Buýruga gol çekdi.

Dünýäde

6. Täze Zelandiýaly 41 ýaşly Maýk Herd bir günde 941 gezek köprüden böküp, dünýä rekordyny goýdy. Banji-jamping – bu adamyň aýaklary uzyn elastik ýüpe daňylyp, beýiklikden bökmegini göz öňünde tutýan ekstremal attraksionyň bir görnüşidir. Ýüp dartylyp, gaýtadan yza çekilýär we adam ýene ýokary galýar. Bu Herdiň ilkinji rekordy däl – 2017-nji ýylda ol bir günde 441 gezek köprüden bökdi. Üstünligi üçin sylag hökmünde Herd, takmynan, 8 müň täze zelandiýa dollaryny aldy. Ol baýragyny akyl taýdan näsaglaryň peýdasyna haýyr-sahawata bagyşlady.

7. Russiýa, Hytaý we Mongoliýa «Beýik çaý ýolunyň» ugry boýunça halkara syýahatçylyk ýoluny dörederler. Üç ýurduň arasyndaky syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, gadymy söwda ýoly gaýtadan dikeldiler. Alymlar «Beýik çaý ýolunyň», takmynan, XVII asyrda dörändigini belleýärle. Ugruň umumy uzynlygy 13 müň kilometre golaýdyr. Bu ugur boýunça Hytaýdan Russiýa we Ýewropa çaýyň eksport edilendigi sebäpli ol çaý ýoly diýlip atlandyrylypdyr.

Sport habarlary

8. Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow şu gün irden Türkmenistana dolandy. Mälim bolşy ýaly, ol Kaliforniýada geçirilen «Bellator 300» ýaryşynda polşaly Maseý Rozanskiden üstün çykdy. Ýarym agyr agram derejesinde geçirilen tutluşyk doly üç raund dowam edip, eminleriň biragyzdan karary bilen Ýagşymyradowyň peýdasyna tamamlandy. Bu ýeňiş onuň üçin «Bellatordaky» bassyr üçünji üstünlik boldy. Onuň umumy karýerasyny hasaba alanyňda, häzirki wagtda Döwletjanyň 21 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňligi bar. Nobatdaky ýeňşinden soňra Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatoryň» ýarym agyr agramdaky reýtinginde bäşinji orna göterildi. Aşgabat şäherine gelen badyna žurnalistler bilen bolan söhebtdeşlikde Döwletjan ýaryşdan soň Watanyna gaýdyp gelendigine begenýändigini aýdyp, eger-de hemme zat ugruna bolsa, guşak üçin söweşjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

9. «E» toparçadaky Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşlary – Gonkongyň we Butanyň toparlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin saýlama ýaryşyň birinji tapgyrynyň ilkinji oýnuny oýnadylar. Duşuşyk Gonkongyň stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 4:0 hasabynda ynamly ýeňiş bilen tamamlandy. Jogap duşuşygy 17-nji oktýabrda Butanda geçiriler.

10. Futbol boýunça Russiýanyň milli ýygyndysy dostluk duşuşygynda Kamerunyň toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Moskwanyň «Dinamo» stadionynda geçirildi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 40-njy minutda hüjümçi Fýodor Çalow tora girizdi. «SSKA-nyň» hüjümçisi üçin bu gol milli ýygyndynyň düzüminde geçiren alty oýunda ilkinji üstünlik boldy. Russiýanyň milli ýygyndysy indiki dostluk duşuşygyny 16-njy oktýabrda Türkiýede Keniýanyň milli ýygyndysyna garşy geçirer. Bu duşuşyk «Matç TW» teleýaýlymy tarapyndan Türkmenistanyň çäginde göni ýaýlymda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň