Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wenada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler

17:5712.10.2023
0
42161

Şu aýyň ortasynda Wenada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň şu gün Wenanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada sapar bilen gelen Wena şäheriniň häkiminiň wekili, Wena şäher geňeşiniň agzasy we Wena prowinsiýa parlementiniň agzasy Omar Al-Rawi, şeýle hem Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda bellenildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty myhmanlary 11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde bäşinji Wena balynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem şu gün «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertiniň geçiriljekdigi bellenildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy belläp, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada hem nygtaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli amala aşyrylýandygyny hem-de bu ugurda iki ýurduň işewür toparlarynyň üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda Aşgabatda Wena balynyň geçirilmegi, şeýle hem «Galkynyş» simfoniki orkestriniň çykyşlary ýaly bilelikdäki çäreler arkaly medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary has hem giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şu aýyň ortasynda Wenada geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti iki ýurduň arasyndaky medeni dialogynda ýene-de bir möhüm waka bolar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň