Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär, YÖB Türkmenistanda halkara onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirmegi teklip etdi we beýleki habarlar

13:1810.10.2023
1
28519

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine 10-njy oktýabrda bellenilýän hünär baýramy – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Gutlag iberdi. Döwlet Baştutany öz Gutlagynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, oba ýerlerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalarynyň ähmiýetini belläp geçdi. Olaryň çäginde saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy giňeldilýär, tutuş ýurt boýunça döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar we ylmy-kliniki merkezler gurulýar.

2. Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Bu iri gözden geçirilişde derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, şeýle hem sport medeniýetini we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bilen meşgullanýan jemgyýetçilik guramalarynyň diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy. Bu sergi önümleri ilerletmek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek, Türkmenistanyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan hünärmenler bilen duşuşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýän meýdança öwrüldi.

3. Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizilmegi bilen bagly degişli şahadatnamalary gowşurmak boýunça dabaraly çäre geçirildi. Forum Magtymguly Pyragynyň döredijilik durmuşynyň pursatlarynyň birine bagyşlanan edebi-çeper çykyş bilen açyldy. Soňra irleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko degişli şahadatnamalary medeniýet ministrine we Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň prezidentine dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

4. Türkmenistan möhüm halkara çäresine – 11 – 17-nji oktýabr aralygynda Seulda geçiriljek Ýewraziýa medeniýetiniň birinji festiwalyna gatnaşar. Forumda Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri myhmanlara we tomaşaçylara milli aýdym-saz hem-de şekillendiriş sungatynyň nusgalaryny görkezerler. Çäräniň çäklerinde festiwalyň myhmanlaryny Türkmenistanyň medeni däpleri we gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.

5. Yslam ösüş banky Türkmenistanyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli Onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirip biler.

6. Türkmenistanyň Prezidenti Serd¬¬ar Berdimuhamedow Karara gol çekip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, doly taýýar edip gurmak şertinde ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berdi. Karara laýyklykda, gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we binalary hem-de desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

7. Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşdylar. Bellenilişi ýaly, döwletara syýasy dialog yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça özara gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

8. 89 ýaşly Şamyrat Nazarow Arkadag şäheriniň iň garry ýaşaýjysydyr. Ol 1934-nji ýylyň 22-nji awgustynda bu täsin «akylly» şäheriň golaýynda dünýä indi. Häzir Şamyrat 10 çaganyň – 4 ogluň we 6 gyzyň kakasy, şeýle hem 43 agtygyň atasy we 74 çowlugyň garry atasy. Häzirki wagtda 89 ýaşly ýaşuly Arkadagda ýaşaýar we bu şäherdäki durmuş derejesinden örän hoşal. Ol edilýän hyzmatlaryň, şol sanda ulag we ýaşaýyş jaý infrastrukturasynyň ýokary derejesini belläp geçdi. Onuň nesilleriniň köpüsi – agtyklary we çowluklary hem bu ýerde ýaşaýarlar.

Dünýäde

9. «Toyota» 2026-njy ýyldan başlap, mehaniki geçiriş korobkasy bilen enjamlaşdyrylan elektromobilleri öndürip başlar. Elektromobiller geçiriji ryçagy işledýän gurluş we birleşdiriji (ssepleniýa) pedal, tahometre meňzedilen enjam we «boş» (holostoý) tizlik bilen üpjün ediler. Eger ulag hereket edip başlanda birleşdiriji pedala (ssepleniýa) basylanda onuň tizligi «boş» (holostoý) tizlikden pes bolsa, onda awtoulagyň inwertory derrew elektrik hereketlendirijisiniň momentini nola öwürer. Şeýle elektromobilleriň sürüjilerinden adaty sürüş wagtynda mehaniki geçiriş korobkasy tertibini öçürmek haýyş edilýär.

10. Ratgers uniwersitetinden amerikaly matematik Brýus Ratner Pifagory ogurlykda aýyplady. Alym bu sözlerinde Ýel uniwersitetinde saklanýan we b.e. öňki 1800-1600-nji ýyllara degişli hasaplanýan toýundan ýasalan wawilon tagtajygyna esaslanýar. Onda bu tapyndynyň ýasalmagyndan 1000 ýyl soň – b.e. öňki 570-490-njy ýyllarda ýaşap geçen Pifagoryň teoremasynyň ulanylyşynyň mysaly şekillendirilipdir. Amerikaly alym: «Pifagoryň teoremasynyň wawilon matematikleri tarapyndan Pifagoryň dogulmagyndan 1000 ýyl ozal açylandygyny we subut edilendigini görkezýän anyk subutnamalar bar» diýip belleýär.

Sport habarlary

11. Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş üçin bonus bilen birlikde, «Bellator 300» ýaryşynda polşaly Maseý Ružanski bilen bolan söweşde 100 000 dollar gazandy. Onuň garşydaşy bolsa öz bank hasabyny 23 000 dollar bilen doldurdy. Bu maglumatlar Kaliforniýa ştatynyň Atletika komissiýasy tarapyndan berilýär. Ýeri gelende bellesek, ýarym agyr agram derejesindäki tutluşyk üç raund dowam etdi we eminleriň biragyzdan karary bilen Türkmenistanyň wekiliniň ýeňşi bilen tamamlandy. Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda «Bellator» promuşen kompaniýasy bilen şertnama baglaşyp, Türkmenistandan bu guramanyň ilkinji söweşijisi boldy. Onuň 21 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňme-deňligi bar.

12. Häzirki wagtda Dubaýdaky türgenleşik ýygnanyşygynda bolan Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Emirlikleriň klublaryna garşy iki dostluk duşuşygyny geçirer. 10-njy oktýabrda Türkmenistan BAE-iň birinji diwizionynyň wekili bolan «Dubaý Ýunaýted» bilen dostluk duşuşygyny geçirer, 15-nji oktýabrda bolsa Mergen Orazowyň şägirtleri BAE-niň häzirki çempiony «Şabab Al-Ahli» bilen oýnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň