Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

12-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:2012.06.2024
0
12822

Koreýa Respublikasynyň Prezidentine iki sany türkmen alabaýynyň güjüjegi sowgat berildi, Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi, Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Russiýanyň güni bilen gutlady we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we onuň maşgalasy Kim Kon Hä Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde iki sany türkmen alabaýynyň güjüjegi sowgat berildi. Güjüjekleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Koreýanyň Lideri sowgady kabul edip, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we güjüjekleri iki ýurduň arasyndaky berk dostlugyň nyşany diýip atlandyrdy.

2. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň dowamynda ýanynda bolýan maşgalasy Kim Kon Hi üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Myhman türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bilen bilelikde «Arkadag» myhmanhanasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Sergide türkmen halkynyň medeni mirasynyň nusgalary – el halylary, amaly-haşam sungatynyň eserleri, şaý-sepler, el işleriniň nusgalary, muzeý gymmatlyklary görkezildi. Ogulgerek Berdimuhamedowa hanym Kime türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy barada gürrüň berdi. Myhman dünýä meşhur halylary döredýän türkmen zenanlarynyň ussatlygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem olar türkmen Modalar öýi tarapyndan taýýarlanylan zenan lybaslarynyň görkezilişini synladylar. Bu lybaslarda gadymy milli däpler häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwan bilen duşuşdy. Taraplar ýangyç-energetika pudagynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Al-Jarwan Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň özara ynanyşmak esasynda yzygiderli ösdürilýändigi belläp, Türkmenistanda işlemek mümkinçiligine hoşallyk bildirdi. «Dragon Oil» köp ýyllaryň dowamynda ýurtda üstünlikli iş alyp barýar.

4. Halk Maslahatynyň Başlygy «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen we türk halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň taryha uzaýandygyny belläp, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagynda türk kompaniýasynyň bilelikdäki taslamalar boýunça degişli tekliplerine Türkmenistanyň seretmäge taýýardygyny tassyklady.

5. Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen «Petronas» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismailiň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň we ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň «Petronas» kompaniýasy bilen nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekildi.

6. «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak hem duşuşyk üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň netijeli we özara bähbitli häsiýetini belläp, munuň iki halkyň taryhynyň, medeniýetiniň we dil umumylygyna esaslanýandygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen täze iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işiň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

7. Şu gün rus halky döwlet baýramçylygyny – Russiýanyň gününi belläp geçýärler. Bu waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine, ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

8. Şu gün Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilýär. Şanly waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň ylmy jemgyýetçiligiň wekillerine, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi.

Dünýäde

9. Russiýanyň paýtagty üçünji Moskwa jaz festiwalyny garşy alýar. Bäş günüň dowamynda bu žanryň iň gowy sazandalary dürli konsert meýdançalaryndaky çykyşlary bilen şäheriň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny begendirerler. Festiwal P.I. Çaýkowskiý adyndaky Konsert zalynda meşhur russiýaly saksofonçy Igor Butmanyň orkestriniň joşgunly çykyşy bilen açyldy. Bu ýyl onuň topary 25 ýyllygyny belleýär.

10. Ozal öýjükli telefon bazarynda öňdebaryjy brend bolan «Nokia» kompaniýasy 4G goldawy bolan täzelenen «Nokia 3210» düwmeli telefonynyň global nusgasyny çykarmak bilen garaşylmadyk ädim ätdi. Mundan başga-da, telefonda ýokary hilli surata düşmäge mümkinçilik berýän LED çyraly 2 megapiksel esasy kamera bar. Aýratyn bellemeli zat, bu köne telefonda tükeniksiz wideomazmuny dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berýän «YouTube» we «YouTube Shorts» ykjam goşundylarynyň bolmagydyr. Mundan başga-da, enjam 4G goldawy bolan iki SIM karty goldaýar, bu bolsa ulanyjylara ýokary tizlikli ykjam internete elýeterliligi üpjün edýär.

Sport habarlary

11. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna saýlama ýaryşyny Gonkongyň topary bilen deňme-deň oýun bilen tamamlady. Oýunçylaryň yhlasly göreşine we işjeň hereketlerine garamazdan, türkmen futbolçylary garşydaşyň derwezesine pökgi geçirip bilmediler. «Aşgabat» stadionynda geçirilen oýun 0:0 hasabynda tamamlandy. «E» toparçadaky saýlama ýaryşlarynyň netijelerine görä, Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2 utuk toplady we goşmaça görkezijiler boýunça Gonkongdan öňe saýlanyp, üçünji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň