Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

11-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

17:3611.06.2024
0
13846

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekdiler, Türkmenistanda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi, Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurda döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň arasynda gepleşikler tamamlandy. Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

2. Türkmenistanda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi, onda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleri, agyz-burun örtükleri, düşek daşlyklary öndüriler. Täze kärhana lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberleriniň artmagynda we saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagynda ähmiýetlidir.

3. 10-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy baradaky hasabatlary diňlenildi. Wise-premýer Atahallyýew ýurt boýunça alnyp barylýan oba hojalyk çäreleriniň depginleri barada hasabat berdi.

4. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Ylymlar gününe bagyşlanan sergi açyldy. Sergi iki bölümden ybaratdyr. Birinjisi taryha we arheologiýa ylymlaryna bagyşlanýar. Bu ýerde gadymy Altyndepe şäheriniň çäginde, Garadepede, Ýylgynlydepede, Ýalaňaçdepede geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň suratlary görkezilýär. Suratlaryň ýanynda dürli gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan arheologiki tapyndylar ýerleşdirilipdir.

5. Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-koreý işewürler maslahaty geçirilýär. Duşuşyk Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde geçirilýär. Forum başlamazdan ozal myhmanlar binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar, onda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri şöhlelendirildi.

Dünýäde

6. Içinde Malawiniň wise-prezidenti Saulos Klaus Çilima bolan uçar 10-njy iýunda radar ekranlaryndan ýitdi. Uçar paýtagt Lilongwe şäherinden uçup, ýerli wagt bilen irden sagat 10 töweregi ýurduň demirgazygyndaky Mzuzu howa menziline gonmalydy. Şeýle-de bolsa, uçaryň ekipažy bilen aragatnaşyk uçuşdan soň derrew ýitdi. Uçar Mzuzu howa menzilinde peýda bolmady. Onuň heläkçilige uçran bolmagy ähtimal.

7. Azerbaýjanda howa şarlarynyň festiwaly geçirildi. Bu şüweleňli waka 10 müňden gowrak adamy özüne çekdi. Festiwalyň esasy maksady ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ösmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Festiwalda Meýsari obasynyň üstünden howa şarlarynyň görkezme uçuşlary boldy. Festiwalyň myhmanlary howa şarlaryndan başga-da, meşhur azerbaýjan aýdymçylarynyň gatnaşmagynda konsertlerden lezzet alyp bilerler, şeýle hem dürli ussatlyk sapaklaryna gatnaşyp bilerler.

Sport habarlary

8. Türkmen türgenleri Minsk şäherinde geçirilen Belarus Respublikasynyň Açyk kubogy ugrundaky ýaryşda bir kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular. Toparlaýyn we şahsy ýaryşlarda baýraklar ugrunda ýedi ýurtdan – Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 129 türgen bäsleşdi. Şahsy ýaryşda Ezizmuhammet Sähedow kümüş medal gazandy. Mundan başga-da, Sähedow Şöhrat Jumagulyýew bilen bilelikde erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda bürünç medal gazandy. Türkmen ýygyndysy üçin ikinji bürünç medaly Oksana Gataulina we Ogulsuraý Kakyşowa gazandy, olar zenanlaryň arasyndaky toparlaýyn ýaryşda üçünji orny eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň