Arhiw

Yslam ösüş banky Türkmenistanyň 3 welaýatynda Onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirmegi teklip edýär

11:0010.10.2023
0
31459

Ozal habar berşimiz ýaly, 9-njy oktýabrda türkmen halkyn­yň Milli Lideri, Türk­menistanyň Halk Masla­hatynyň Başlygy Gurba­nguly Berdimuhamedow,­ Prezident Serdar Ber­dimuhamedowyň tabşyry­gy bilen, Aşgabat şäheri b­oýunça iş saparyny am­ala aşyryp, dürli maksatl­y desgalaryň gurluşyg­ynyň taslamalary bile­n tanyşdy.

Iş saparynyň barşynda türkmen halkyn­yň Milli Lideri, Türk­menistanyň Halk Masla­hatynyň Başlygy Gurba­nguly Berdimuhamedowa dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň biri bolan Yslam ösüş bankynyň Türkmenistanyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara derejeli Onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek boýunça öz tekliplerini hödürleýändigi baradaky hoş habar aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň