Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, ýurduň paýtagty Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde Aşgabatda gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine gelip, gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklaryna degişli taslamalar we gurluşygy dowam edýän desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň baş meýilnamasy, iki gatly, iki öýli ýaşaýyş jaý toplumlarynyň şekil taslamalary hem-de olaryň täze şäherde ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň şekil taslamalary we çyzgylary bilen içgin tanşyp, belliklerini aýtdy we olara degişli düzedişleri girizdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagynyň, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.