Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli täze kitaplary taýýarlady

19:4603.07.2024
0
11204

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy – paýhas çeşmesi» atly ylmy-amaly maslahatyň makalalar ýygyndysy, «Bagtyýar ýaşlarymyzyň kalplarynyň şygary, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgular ýygyndysy hem-de «Поэзия Махтумкули Фраги: лингвокультурологический и лингвопоэтический аспекты» atly monografiýa taýýarlanyldy we çap edildi. Bu barada TDEI-niň metbugat gullugy «Turkmenportala» habar berdi.

«Magtymguly Pyragy – paýhas çeşmesi» atly ylmy-amaly maslahatyň makalalar ýygyndysyna diňe bir Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň däl, eýsem, Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň akyldar şahyryň edebi mirasyna bagyşlap ýazan ylmy makalalary girizilipdir.

«Bagtyýar ýaşlarymyzyň kalplarynyň şygary, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgular ýygyndysynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bir hatarda Türkmenistandaky 23 sany ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň 306 sany şygry ýerleşdirilen. Kitap jemi 190 sany awtoryň goşgularyny öz içine alýar. Goşgular ýygyndysy institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Abdy Abdyýew tarapyndan çapa taýýarlanylypdyr.

TDEI-niň Diller kafedrasynyň uly mugallymy Jahan Saparowa tarapyndan ýazylan «Поэзия Махтумкули Фраги: лингвокультурологический и лингвопоэтический аспекты» atly monografiýa hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanandyr. Monografiýada Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dil biliminiň möhüm pudagy bolan lingwokulturologiýanyň esasynda derňelýär.

Kitaplary şu salgydan ýükläp bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň