Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly boksça Aziýa oýunlarynyň bürünç medaly gowşuryldy

23:4505.10.2023
0
24822

Hytaýyň Hançžou şäherinde geçýän ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyndaky boks ýaryşynda ýedi sany agram toparynda medalçylar kesgitlendi. Ýaryşlaryň jemleýji gününiň öňýany bu toparlaryň bäşisinde baýrak gowşurma dabarasy bolup geçdi. Olardan birinde – 71 kilograma çenli toparda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Baýramdurdy Nurmuhammedow hormat sekisine çykdy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi Ýazmuhammet Pazzyýewiň Magtymguly şäherinde doglan 21 ýaşly şägirdi ýarym finala ýetdi, ol ýerde bolsa eminleriň karary boýunça 2018-nji ýylda Indoneziýada geçen Aziýa oýunlarynyň 75 kilograma çenli agram toparynda çärýek finalçy bolan Kan Çia Weýden (Taýwan) asgyn saýylyp, bürünç medala mynasyp boldy. Ildeşimiziň bu üstünliginiň hormatyna boks ýaryşlary geçýän Hançžou gimnaziýasynyň Sport köşgünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyryldy.

Medal gowşurma dabarasy hemişe netijeler jemlenenden soň bolup geçýär. Aziýa oýunlaryndaky boks ýaryşynda 71 kilograma çenli agram toparynda bolsa jemleýji göreş bolmady. Ýarym final bäsleşiginde türkmen boksçusy Baýramdurdy Nurmuhammedow bilen söweşde gaşynyň çapylandygy sebäpli Taýwan sportçusy Kan Çia Weý meýdança çykmady, netijede ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň altyn medaly ýaponiýaly Sewon Okazawä berildi.

Salyhatlylygy sebäpli Baýramdurdy Nurmuhammedowa Aziýa oýunlarynda boks ýaryşyna gatnaşýanlaryň arasynda uly hormat goýulýandygyny bellemelidiris.

«Şeýle bir salyhatly, ýöne meýdançada ýumruklaşmagyndan çen tutsaň welin, asla «ýuwaş ýigit» diýer ýaly däl» diýip, Täjigistan toparynyň tälimçilerinden biri B.Nurmuhammedow hakynda buýsanç bilen aýtdy.

1994-nji ýylda Hirosimada (Ýaponiýa) geçen türkmen sportçulary üçin ilkinji Aziýa oýunlaryndaky boks ýaryşynda türkmenabatly Bekmyrat Durdyýew (agramy 63,5 kg çenli) bürünç medal gazanypdy. 2014-nji ýylda Inçhonda (Koreýa Respublikasy) geçen XVII tomusky Aziýa oýunlarynda Aziz Bebitow (64 kg çenli) we Serdar Hudaýberdiýew (69 kg çenli) dagy bürünç medala mynasyp boldular. Indi bolsa 9 ýyldan soň türkmen boksçulary şeýle uly yklym ýaryşynda ýene bir bürünç medal gazandylar.

Baýramdurdy Nurmuhammedowyň bu üstünligini ilkinji tälimçisi Gurbangeldi Welmyradow, indi birnäçe ýyl bäri türgenleşdirýän we ähli möhüm halkara ýaryşlara taýýarlaýan häzirki tälimçisi Ýazmuhammet Pazzyýew, şeýle hem Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Tenilbek Jumakulow dagy-da şärikdir.

Baýramdurdy Nurmuhammedowyň mynasyp bolan bürünç medaly Türkmenistanyň Hançžou şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda gazanan bäşinji medaly boldy. Ondan öň kuraş göreşinde toparymyz üç medal gazandy: Tejen Tejenow 90 kilogramdan ýokary has agyr agram toparynda kümüş medal aldy, Işanmyrat Ataýew (90 kg çenli) we Aýnur Amanowa (52 kg çenli) bolsa bürünç medal bilen sylaglandy. Ýene bir bürünç medala 57 kilograma çenli agram toparynda dzýudo ýaryşynda Maýsa Pardaýewa mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň