Aşgabatda ussat türkmen hudožnigi Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň 100 ýyllygyny bellemäge taýýarlanylýar.
Şeýlelik bilen, 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda ussadyň sungat eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy bolar.
11-nji oktýabrda Şekillendiriş sungaty muzeýinde Yzzat Gylyjowyň durmuşyna we döredijiligine, şeýle hem milli sungatyň ösmegine goşan goşandynyň ähmiýetine bagyşlanan konferensiýa geçiriler.
Türkmenistanyň halk suratkeşi, mugallym Yzzat Gylyjowyň türkmen şekillendiriş sungatynyň şöhratyny halkara derejesine çykaran ýurduň ilkinji suratkeşi hökmünde tanalýar.
Yzzat Gylyjowyň işleri Türkmenistanyň birnäçe nesliniň sungatda kemala gelmegine we geljekdäki üstünligine güýçli täsir etdi.