Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arzuw Ýoly» restorany maşgala we işewürlik dabaralarynyň ähli görnüşlerini geçirmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

10:1902.10.2023
0
27112

Toý her bir adamyň durmuşynda iň möhüm wakalaryň biridir, şonuň üçin ony ýokary derejede geçirmek üçin dogry ýeri saýlamak örän möhümdir. Gowy dabaralar zaly üçin diňe bir owadan bezelmegi däl, eýsem, giňligi, şeýle hem menýularyň köpdürlüligi möhümdir.

«Arzuw Ýoly» restorany durmuş toýlaryny, doglan günleri we ýubileýleri, sadakalary, maşgala we işewürlik oturylyşyklaryny geçirmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär. Restoranyň zaly 750 myhmany aňsatlyk bilen kabul edip biler, onda surata düşmek üçin ýörite gurnalan meýdança – «Bossan Сonsept» tarapyndan janly ösümlikler bilen bezelen fito-diwar bar.

Restoranda tans we baýramçylyk bäsleşikleri üçin giň meýdança bar. Zalyň ajaýyp dizaýny goşmaça bezeg talap etmeýär, restoranyň menýusy bolsa islendik býudjet üçin niýetlenendir hem-de islege görä saýlanylyp bilner.

Şeýle hem «Arzuw Ýoly» göçme baýramçylyk çärelerini guramak (çadyrlar, gap-gaçlar we beýleki enjamlar bilen üpjün etmek) hyzmatlaryny hödürleýär.

«Arzuw Ýoly» restoranynyň hyzmatlary we menýusy barada has giňişleýin maglumat almak üçin onuň sosial ulgamdaky sahypasyna girmek ýa-da 66 11 11 telefon belgisine jaň etmek maslahat berilýär.

Salgysy: A.Nyýazow köç., 50-nji jaý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň