Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan nemes işewürlerine elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamak teklip edildi

17:1829.09.2023
0
45265

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip etdi. Bu barada TDH habar berýär.

«Pursatdan peýdalanyp, şeýle hem germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip etmek isleýärin. Elektrik stansiýalaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlary ösdürmek we beýleki taslamalar bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň ugurlary bolup biler» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly, möhüm ugruň ösdürilmegine uly üns berýändigini nygtady.

«Biz «ýaşyl» energetikanyň geljegiň energiýasydygyna düşünmek bilen häzirki wagtda milli derejede gün we ýel energiýasy ulgamynda taslamalaryň ilerledilmegine gönükdirilen çäreleriň birnäçesini geçirýäris» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan wodorod energetikasy babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklarynda ugurdaş gazy gaýtadan işlemek meselelerinde daşary ýurt kompaniýalary we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyz üçin aýratyn möhüm ugurdygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň kompaniýalarynyň toplan bilimleriniň hem-de iň gowy iş tejribeleriniň ýokarda görkezilen ugurlarda Türkmenistanda uly islege eýedigine ynanýandygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň